Interýer çözgütleri ulgamynda özüni professional bilermen hökmünde tanadan «HANA» dükany ýumşak mebelleriniň görnüşleriniň giňelendigini yglan etdi. Indi alyjylar Türkiýäniň, Eýranyň we Türkmenistanyň öňdebaryjy öndürijilerinden ekologiýa taýdan arassalygy, çydamlylygy we döwrebap dizaýny özünde jemleýän eksklýuziw kolleksiýalary satyn alyp bilerler.
Täze önümlerde anyk böleklere we materiallara aýratyn ähmiýet berildi. Modelleriň agaç bölekleri (söýgetleri) gyzyl dub agajynyň sütünlerinden ýasaldy. Bu bolsa mebeliň durnuklylygyny we ulanylyş möhletiniň uzak bolmagyny kepillendirýär.
Ulanylýan materiallaryň esasy artykmaçlyklary:
Gipoallergenlik: Ähli matalar we dolduryjylar hatda iň kiçi çagalar üçin hem doly howpsuzdyr.
Tehnologik artykmaçlygy: Materiallar suw geçirmeýändigi bilen tapawutlanýar. Dökülen suwuklyk matanyň içine siňmeýär. Bu bolsa mebele ideg etmegi ep-esli ýeňilleşdirýär.
Tejribe artykmaçlygy: Mebeller ýeňil arassalanýar we hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýan himiki arassalaýyş (himçistka) işlerine çydamly.
Fakturalary saýlamak mümkinçiligi: Dükanlarda eko-deriden, tebigy deriden we ýokary hilli (premial) matalardan taýýarlanan dürli reňkli modeller bar.
Dükanyň assortimentinde 100-den gowrak görnüşli model bar. «HANA» dükanynda diňe bir nusgawy diwanlary däl, eýsem, «üçlük», «dörtlük» toplumlaryny, şeýle hem amatly burçluklary hem tapyp bilersiňiz.
Kolleksiýanyň esasy aýratynlygy: Islendik otag gurluşyna laýyk gelýän modully ulgamlar bolup, olar eýesine öz giňişligini islegine görä modelirlemäge mümkinçilik berýär.
Siziň islegiňize görä taýýarlanan dizaýn
Dükan üýtgeşiklikleri gözleýän müşderiler üçin ýörite sargytlar esasynda ýasap bermek hyzmatyny hödürleýär. Taslamanyň amala aşyrylma möhleti iki hepdeden başlanýar. Bu bolsa bazardaky iň çalt görkezijileriň biridir.
Diňe öý üçin däl, eýsem, biznes üçin niýetlenen nusgalar hem hödürlenýär
«HANA» ofis giňişliklerini enjamlaşdyrmak baradaky ähli aladalary öz üstüne alýar. Korporatiw müşderiler üçin aýratyn şertler hödürlenýär:
Amatly bahalar we arzanladyşlaryň çeýe ulgamy.
Doly hyzmatlar bukçasy: tiz eltip bermekden başlap, hünärmenler tarapyndan gurnap bermek we ýerleşdirmek hyzmatlaryna çenli.
Kepillik: dükanyň öz önümleriniň hiline ynamy uly. Şonuň üçin hem, ýumşak mebellere 5 ýyldan 10 ýyla çenli kepillik berýär.
Elýeterlilik we logistika
Siz ýurduň islendik nokadyndan interýeriňizi täzeläp bilersiňiz — dükan Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýar. «HANA» dükanyndan kämil rahatlyk indi hiliň gadyryny bilýän her bir adam üçin elýeterlidir.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Salgy: G. Kulyýew köçesi, 42-nji jaý, HANA binasy
Telefonlar: 757575 / 729774 / 754440
Instagram: @hana_homeware
Tik Tok: @hana_homeware