Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine 2027-nji ýylda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama işlerini we beýleki degişli işleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmek maksatlaryna gönükdirilýär.
