Eýranyň Türkmenistan bilen bilelikdäki serhet bazaryny döretmegi meýilleşdirýändigini Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri çarşenbe güni welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen metbugat maslahatynda habar berdi. Bu barada «Mehr» habarlar agentligine salgylanýan «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň elektron görnüşdäki habarlarynda beýan edilýär.
2025-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet edaralary türkmen-eýran serhedinde söwda meýdançasyny gurmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin iş toparynyň duşuşygyny geçirdiler.
Serhet söwda meýdançasynyň döredilmegi serhetara söwdanyň ösdürilmegine we iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ýardam berer.
Türkmenistan bilen Eýran demirgazyk Horasanyň serhet geçelgesi bolan Sarahsda demir ýol ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, iki täze demir ýol geçelgesini hem meýilleşdirýärler.