Eýran Yslan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezi ýokary okuw mekdepleriň uçurymlaryny hem-de beýleki isleg bildirýän taraplary, pars dili mugallymlaryny, ýokary okuw mekdepleri tamamlan hünärmenleri hem-de pars dili we edebiýaty, medeniýet ugurlarynda Eýranyň Medeniýet merkezi bilen hyzmatdaşlyk edip biljek beýleki şahslary doly we ýarym iş birligindäki orunlara işe çagyrýar.
Dalaşgärlerden edilýän talaplar:
- Pars dilinde erkin geplemek we ýazmak başarnygy; 
- Okuw we okatmak usulyýetlerini bilmek; 
- Türkmen we rus dillerinde erkin geplemek we ýazuw başarnygy. 
Pars dili mugallymy hökmünde iş tejribesiniň bolmagy artykmaçlyk hasaplanýar.
Ýurduň ähli künjeginden gyzyklanma bildirýän raýatlar öz rezýumesini iberip biler.
Dalaşgärler pars dilinde el bilen ýazylan giňişleýin rezýumelerini, suratlaryny, fotorezýumelerini, şeýle-de bilim we hünär derejesini tassyklaýan resminamalaryny aşakda bellenen elektron poçta ugratmalydyrlar:
iranculturalconsulate@gmail.com

