Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini jemledi

MilliInfo

9 sagat öň

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini jemledi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanan «Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy hem doganlygy, umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda» atly surat çekmek bäsleşigine gatnaşyjylary sylaglamak hem-de «Bereketli Eýran saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar» eseriniň türkmen dilindäki terjimesiniň tanyşdyryş çäresi geçirildi.

Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, ilçihananyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Pakistanyň we Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de bu birleşigiň agzalary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary Medeniýet merkeziniň mugallymlarydyr pars dili öwrenijileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden bäsleşige öz sungat eserlerini ugradan suratkeşlerdir höwesjeňler gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi şeýle-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda şeýle taslamalaryň, bäsleşikleriň we medeni çäreleriň diňe bir goňşy däl, eýsem, doganlyk ýurtlar bolan Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge hem-de medeni dialogy ösdürmäge uly goşant goşýandygyny belläp geçdiler.

Bäsleşige gelip gowşan 50-den gowrak sungat eserleriniň arasynda ýeňijileri adalatly saýlamak maksady bilen, eminler hünärmenleriň hem-de höwesjeňleriň ýerine ýetiren işlerine aýratynlykda baha berdiler. Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de bu birleşigiň agzalary — Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kämil Weliahmedow, Türkmenistanyň halk suratkeşi Täjigül Gurbanowa, suratkeşler Ahmet Hallyýew, Oguljeren Babaýewa we eýranly nakgaş Hosseýnizadeh Sadat Zahra bolup, olar hünärmenleriň hem-de höwesjeňleriň arasynda iki topar boýunça üç ýeňijini hem-de iň gowy döredijilikli pikir üçin aýratyn iki ýeňijini saýladylar. Ýeňijiler güwänamalar hem-de pul baýraklary bilen sylaglandylar, beýleki gatnaşyjylara bolsa ýörite güwänamalar gowşuryldy.

 Şeýle-de çäräniň dowamynda «Bereketli Eýran saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar» atly eseriň türkmen dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Terjimeçiler Ajap Igliýewa hem-de Dünýägözel Berdigylyjowa tarapyndan terjime edilen bu kitap Türkmenistanyň okyjylarynyň eýran aşhanasy bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik berýär. Neşir jemi 10 sany mowzuklaýyn bölüme bölünip, Eýranyň milli tagamlarynyň 100-den gowrak görnüşiniň taýýarlanyş düzgünlerini öz içine alýar. Kitabyň tanyşdyrylyşy eýran tagamlarynyň taýýarlanyş syrlaryny we hödürleniş medeniýetini görkezýän ýörite wideoşekil bilen utgaşdyryldy.

Çäre bäsleşige gelip gowşan sungat eserleriniň sergisi hem-de hödür-kerem bilen tamamlandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info