Eýranyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklary jemlendi

MilliInfo

12 Noýabr, 2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlary boýunça ussatlyk sapaklarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani çykyş etdi. Ilçi Eýran bilen Türkmenistanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni gymmatlyklarynyň birmeňzeşdigini belläp, sungatyň we döredijiligiň halklar arasyndaky dostluk köprüsini has hem pugtalandyrýandygyny aýtdy we ussatlyk sapaklarynyň üstünlikli geçirilmegine ýakyndan goldaw beren türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi. Ol medeniýet we sungat pudaklarynda dürli ugurlar boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyklary has-da berkitmek üçin ussatyk sapaklaryny geljek ýyllarda beýleki ugurlarda hem Türkmenistanda we Eýran Yslam Respublikasynda geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdi.  

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimow öz çykyşynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Eýrandan gelen sungat wekilleri tarapyndan ussatlyk sapaklarynyň geçirilmeginiň Türkmenistanda alnyp barylýan hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» syýasatynyň medeniýet hem sungat ugrunda-da dabaralanýandygyny doly aşgär edendigini aýtdy. Ol Türkmenistanyň sungatyň dürli ugurlarynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini we medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagyny goldaýandygyny tassyklady.

Dabaranyň dowamynda ussatlyk sapaklaryna gatnaşan talyplara hem-de Eýran Yslam Respublikasyndan gelen hünärmenlere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Soňra myhmanlar we talyplar ajaýyp eserlerden ybarat bolan täsirli sergini hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýanyň «Altyn Gazna» atly muzeýindäki işleri synladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo