Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlary boýunça ussatlyk sapaklarynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory Rüstem Annamuhammedow, Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, miniatýura sungaty boýunça hünärmen hanym Haşemi Seýedehsähär we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça hünärmen hanym Näjmeh Hosseýniýan çykyş etdiler.
Çykyş edenler 2024-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlarynyň ussatlyk sapaklarynyň üstünlikli geçirilendigi barada belläp, dostlukly ýurtlaryň medeni gatnaşyklarynyň günsaýyn ösýändigini tassykladylar. Şeýle-de medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryň has-da berkemegi üçin şular ýaly ussatlyk sapaklarynyň iki ýurtda hem guralmagynyň zerurdygyny we onuň medeni alyş-çalşyga uly itergi berjekdigini aýdyp geçdiler.
Soňra açylyş dabara gatnaşyjylar Eýran Yslam Respublikasyndan gelen hünärmenleriň we 2024-nji ýylda ussatlyk sapagyna gatnaşan türkmen talyplarynyň ýerine ýetiren işlerinden taýýarlanan sergä tomaşa etdiler. Şondan soň myhmanlar we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary bilen bilelikde akademiýanyň «Altyn Gazna» atly muzeýine aýlanyp, bu ýerde talyp ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilen işleri synladylar.

