Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy matanyň ýüzüne surat çekmek sapaklaryna çagyrýar

MilliInfo

2 sagat öň

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy matanyň ýüzüne surat çekmek sapaklaryna çagyrýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi eýran usulynda matanyň ýüzüne surat çekmek sapaklaryny guraýar.

23-nji noýabrdan başlanjak sapaklar mugallym Zähra Sadat Hoseýnizade tarapyndan geçiler. Sapaklar ilçihananyň Medeniýet merkeziniň binasynda ýaýbaňlandyrylar. Onuň möhleti 30 sagatdan ybarat bolar. Has takygy, her biri 2,5 sagat bolan 12 sapak geçiler.

Munuň özi gyzyklanma bildirýän ildeşlerimiziň mata we reňkler bilen işlemegiň inçe syrlaryny ýokary derejede özleşdirmegine şert döreder. Özboluşly sungat görnüşlerini wagyz etmäge, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmäge we ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýän bu taslama türkmen-eýran ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädim bolar.

Ilçihananyň Medeniýet merkeziniň salgysy: Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolynyň 100-nji jaýy.

Goşmaça maglumatlar üçin: +99312 93-42-11

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info