Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezi sungatyň ugurlary boýunça ussatlyk sapaklaryna çagyrýar

MilliInfo

29 Oktýabr, 2025

1—10-njy noýabr aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýrandan gelen sungat hünärmenleriniň ussatlyk sapaklary geçiriler.

Bu ýerde miniatýura sungaty boýunça hanym Seýedehsähär Haşeminiň, altyn çaýyp bezemek sungatyndan bolsa Näjme Hosseinianiň sapaklaryna gatnaşyp bilersiňiz.

Pars dilini öwrenijiler hem-de sungat bilen gyzyklanýan taraplar ussatlyk sapaklaryna gatnaşyp bilerler. Sapaklara ýazylmak üçin Medeniýet merkezi bilen habarlaşyň.

Gatnaşyjylaryň ussatlyk sapaklary üçin gerekli esbaplary ýanyňyz bilen alyp gelmelidigini ýatladýarys.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 93-42-11

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo