Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezinde Hafyz Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi

MilliInfo

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde pars edebiýatynyň beýik şahyry Hafyz Şirazyň döredijiligine bagyşlanan medeni çäre guraldy.

Doga-dilegler bilen badalga berlen çäre Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasiniň çykyşy bilen açyldy. Ilçihananyň mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde Hafyzyň gazalynyň okalmagy onuň has-da täsirli geçmegini üpjün etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň şahyryň pars edebiýatyndaky orny hakyndaky çykyşy çärä gatnaşyjylar tarapyndan uly höwes bilen diňlenildi. Pars dilini öwreniji ýaşlaryň beýik şahyryň eserlerini pars we türkmen dillerinde ýerine ýetirmekleri halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň beýany bolup ýaňlandy. Mundan başga-da, ýaşlaryň söz ýaryşy, beýt okamak, gazallary ýatdan aýtmak bäsleşikleri ýaýbaňlandyryldy.

Ilçihananyň mekdebiniň pars dili we edebiýaty mugallymy Muhammediniň çykyşy hem täsirli maglumatlara baý boldy. Şondan soň azerbeýjan we rus dillerindäki aýdymlara orun berildi.

Mugallymlaryň we pars dilini öwrenijileriň ýaryşlarynyň jemlenýän pursatlary has-da ýatda galyjy boldy. Bu ýerde bäsleşikleriň ýeňijilerine sowgatlar gowşuryldy hem-de çäräniň myhmanlaryna hödür-kerem edildi.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info