Amerikanyň «Paramount» mediakompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda Ýewropanyň ähli ýurdundaky «MTV» teleýaýlymlaryny ýapmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Broadband TV News» habar berýär.
Habarda beýan edilen maglumatlara görä, kompaniýa Beýik Britaniýada şu teleýaýlymlary ýapmagy meýilleşdirýär: «MTV Music», «MTV 80s», «MTV 90s», «Club MTV» hem-de «MTV Live». Olaryň işi 2025-nji ýylyň 31-nji dekabrynda bes ediler. Şeýle-de bolsa, «MTV HD» teleýaýlymy elýeterli bolmagynda galar.
«Bu çözgüt tomaşaçylaryň aýdym-saz teleýaýlymlaryna bolan gyzyklanmasynyň uzak möhletleýin esasda azalýandygyny görkezýär. Sebäbi häzirki wagtda tomaşaçylar aýdym-saz wideolaryna tomaşa etmek üçin «YouTube» we «TikTok» platformalaryna has köp ýüz tutýarlar» — diýlip, ýazgyda beýan edilýär.
Ulgamy seljeriji hünärmenleriň bellemegine görä, Beýik Britaniýada bu teleýaýlymlaryň ýapylmagy «Paramount» kompaniýasynyň halkara media bukjasyndaky giň gerimli üýtgeşmeleriniň bir bölegidir. Şeýlelikde, Merkezi we Gündogar Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda «MTV», «TeenNick», «NickMusic», «Comedy Central Extra» we «Paramount Network» teleýaýlymlary ýapylar. Benilýuks ýurtlarynda bolsa «MTV 80s», «MTV 00s» we beýleki tematik ýaýlymlaryň işi bes ediler.

