«Eziz Doganlar Keramika» ilkinji eksportyny amala aşyrdy

MilliInfo

21 Awgust, 2026

«Eziz Doganlar Keramika» ilkinji eksportyny amala aşyrdy

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen «Eziz Doganlar Keramika» hojalyk jemgyýetiniň häzirki zaman önümçilik toplumy ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň iň möhüm ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen döwrebap kärhanadyr. 

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän kärhana keramogranit plitalary hem-de sanfaýans önümini öndürmäge gönükdirilendir.  Önümçilikde Italiýanyň iň täze we öňdebaryjy tehnologiýalarynyň enjamlarynyň ulanylmagy kärhananyň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirýär. Bu bolsa onuň daşary bazara çykmakda hem uly mümkinçilige eýedigini tassyklaýar. Döwrebap tehnologiýalaryň esasynda, kärhana dizaýn we ölçeg görnüşleriniň dürli nusgalaryny hödürleýär. Ekologiýa taýdan arassa çig mallaryň ulanylmagy bolsa taýýar önümleriň ýokary hilini üpjün edýär. 

Döwrebap zawodda alnyp barylýan önümçilik birnäçe bölümden ybarat bolup, degişli amallar awtomatlaşdyrylan usulda ýerine ýetirilýär. Tapgyrlar iň kämil hem ýokary hilli önümleriň alynmagyna mümkinçilik berýär. 

Bu ýerde harydyň hiline uly ähmiýet berilýär. Taýyn önümler sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly toplumlaýyn barlagdan geçirilýär. Şeýlelikde, önümiň hili ýörite hünärmen tarapyndan tassyklanylýar. Her bir plita baradaky maglumatlar tertiplenip, soňra olar degişli gutulara gaplanýar. 

Desganyň ähli bölümlerinde robotlaşdyrylan daşaýjy ulgamlaryň, awtomatik  konweýerleriň ulanylmagy önümçiligiň iň täze «Senagat 4.0» çemeleşmesi  esasynda guralandygyny görkezýär. Bu bolsa önümçilige maglumat, emeli aň  tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylandygyndan we önümçilik amallarynyň  ýokary derejede awtomatlaşdyrylandygyndan nyşandyr. 

Häzirki wagtda önümçilik toplumynda 500-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär. Bu ýerde işleriň üç çalşykda alnyp barylmagy bolsa önümçiligiň bökdençsiz ýola goýulmagyny, sarp edijileriň bu önümler bilen wagtynda üpjün edilmegini şertlendirýär. 

Geçen aýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde «Expo Georgia» sergiler merkezinde geçirilen türkmen-gruzin işewürlik maslahaty halkara bazaryna çykmakda möhüm ädim boldy. 

Şu nukdaýnazardan, «Eziz doganlar keramika» hojalyk jemgyýeti hem bu ähmiýetli çärelere wekilçilik etdi. Kompaniýa şol ýerde geçen milli önümlerimiziň göçme sergisine hem işjeň gatnaşdy. Gözden geçirilişiň myhmanlary türkmen kärhanasynyň keramogranit plitalaryna we sanfaýans önümlerine ýokary baha berdiler. 

Bu ýerde «Eziz Doganlar Keramikanyň» wekilleri gruzin tarapy bilen netijeli duşuşyklary geçirdiler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça eksport şertnamalaryna gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, gruzin bazarynda keramogranit hem-de sanfaýans önümlerine uly isleg bildirilýändigini belläp geçmek hem zerurdyr. 

Bu gün bolsa şol ýerde geçirilen gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň esasynda «Eziz Doganlar Keramika» hojalyk jemgyýeti Gruziýa ilkinji eksportyny üstünlikli amala aşyrdy. Munuň özi kärhana üçin möhüm ädimdir we Gruziýanyň telekeçileridir kärhanalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilýändiginiň nyşanydyr. Täze bazara çykmak geljekki ösüşler üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär we milli önümleri eltip bermegiň geografiýasyny  giňeltmekde täze ugurlary we gözýetimleri açýar. 

Şeýlelikde, «Eziz Doganlar Keramika» hojalyk jemgyýetiniň Gruziýa ilkinji eksporty onuň geljekde halkara bazarlaryna çykmak ugrundaky ädimleriniň badalgasy bolar.  

Telefon belgileri: +(993 12) 753577, 753578
Elektron salgysy: info@ed-keramika.com

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info