Fabio Kannawaro Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparyna tälimçilik eder

MilliInfo

7 Oktýabr, 2025

Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy dünýä çempionatyna üç gezek gatnaşan we 2006-njy ýylda dünýä çempiony bolan Fabio Kannawaro bilen şertnama baglaşdy.

Şunlukda, 52 ýaşly italiýaly tälimçi Özbegistanyň milli ýygyndysyny 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna taýýarlar.

Şertnamanyň möhleti «1+4» görnüşinde kesgitlenendir — ýagny, uzak möhletli hyzmatdaşlyk baradaky karar milli ýygyndynyň geljekki dünýä çempionatyndaky çykyşlarynyň netijelerine görä kabul ediler.

Fabio Kannawaro ozal Hytaýyň «Guançžou Ewergrand», Saud Arabystanynyň «Al-Nasr», Italiýanyň «Benewento» we «Udineze», şeýle hem Horwatiýanyň «Dinamo Zagreb» toparlaryna tälimçilik edipdi. Ol Zagrebiň «Dinamo» klubundan şu ýylyň aprel aýynda — üç aýlyk iş tejribesinden soň çykypdy. Kannawaro heniz tälimçi hökmünde uly üstünlik gazananok. Muňa garamazdan, 2019-njy ýylda «Guançžou Ewergrand» bilen Hytaýyň çempionatynda gazanan ýeňşi onuň esasy üstünligi hökmünde görkezilýär.

2006-njy ýylda Italiýanyň ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolanda ol toparyň kapitany hökmünde çykyş edipdi. Şol ýylyň dowamynda hem dünýäniň iň gowy futbolçysy hökmünde «Altyn top» («Ballon d’Or») baýragyna mynasyp bolupdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo