Ynam ätiýaçlandyryş ulgamynda esasy faktorlarynyň biridir. Çünki müşderi öz maliýe bähbitleriniň, emläginiň, saglygynyň ýa-da ömrüniň goragy üçin jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş kompaniýasyna ynanýar. Beýleki köp sanly hyzmatlardan tapawutlylykda, ätiýaçlandyryşyň netijesi, köplenç, diňe degişli hadysalaryň ýüze çykan ýagdaýynda görünýär. Şonuň üçin hem, ätiýaçlandyryjynyň ygtybarlylygy aýratyn ähmiýete eýedir. «Resmi Kepil» bu ugurda siziň iň ýakyn hem ynamdar hyzmatdaşyňyzdyr.
Ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň esasy aýratynlyklary şulardan ybaratdyr:
Maliýe durnuklylygy — ätiýaçlandyryş töleglerini öz wagtynda amala aşyrmak üçin ýeterlik serişdeleriň bolmagy.
Şertleriň aýdyňlygy — gizlin çäklendirmeler we çylşyrymly söz düzümleri bolmadyk, düşnükli ätiýaçlandyryş şertnamalary.
Abraý we iş tejribesi — bazarda uzak wagtlap işlemegi we müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň oňyn taryhy.
Hyzmat edişiň hili — maslahatlaryň elýeterliligi, arzalaryň ýüztutmalaryna tiz seredilmegi we amatly aragatnaşyk ýollary.
Zeperleriň öwezini dolmakda ynsaplylyk — ätiýaçlandyryş hadysalaryna baha bermekde we borçnamalary ýerine ýetirmekde adalatly çemeleşme.
Ynamyň ýokary derejesi diňe bir ätiýaçlandyryş kompaniýasyny saýlamaga däl-de, eýsem, ätiýaçlandyryjy bilen müşderiniň arasyndaky uzak möhletleýin gatnaşyklara hem täsir edýär. Kompaniýanyň ygtybarlylygy we durnuklylygy barada ynamly bolan ýagdaýynda, müşderi ätiýaçlandyryş baradaky karary has aňsat kabul edýär we ätiýaçlandyryş polisine ýöne bir resminama däl-de, hakyky gorag guraly hökmünde garaýar. Ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň özi üçin bolsa ynam iň ähmiýetli maddy däl aktiwleriň biridir.
«Resmi Kepil» kompaniýasy ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýär we ätiýaçlandyryşyň 28 görnüşini amala aşyrýar. Bu bolsa durmuşyň we işiň dürli ugurlary üçin ygtybarly goragy saýlamaga mümkinçilik berýär.
Iň köp isleg bildirilýän ugurlaryň biri hem awtoulag ätiýaçlandyryşydyr, şol sanda ulagy dürli töwekgelçiliklerden goramaga kömek edýän «KASKO» maksatnamasydyr.
Bu maksatnama eýýäm özüniň netijeliligini subut etdi we köp sanly müşderileriň ynamyna mynasyp boldy. Ätiýaçlandyryş hadysalary ýüze çykanda, ulag eýeleri bellenen tölegleri aldylar ýa-da hyzmatdaş tarap bolan «Garagum ulag» serwis merkezinde awtoulaglaryny dikeltmek mümkinçiliginden peýdalandylar.
«Resmi Kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň ygtybarlylygy we hyzmat ediş hili barada diňe bir resmi çeşmelerden däl, eýsem, kompaniýanyň hyzmatdaşlaryndan hem-de eýýäm ätiýaçlandyryş hyzmatlaryndan peýdalanyp, goldawyň derejesine baha beren müşderilerden hem öwrenip bilersiňiz.
Saglygyňyzy, emlägiňizi, telekeçiligiňizi garaşylmadyk ýagdaýlardan we çykdajylardan nähili goramalydygy barada jikme-jik maglumat almak üçin «Resmi Kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasyna şu telefon belgileri arkaly jaň edip bilersiňiz:
+993 62 20 36 04,
48-46-36 / 37.
Galyberse-de, kompaniýanyň ofisine gelip islendik soraglar boýunça maslahatlaşyp bilersiňiz: Garaşsyzlyk şaýoly, 50-nji jaý.
