«Farap» şypahanasynda täze hyzmatlar ýola goýuldy

MilliInfo

18 Iýun, 2026

«Farap» şypahanasynda täze hyzmatlar ýola goýuldy

 Indi Jeýhunyň sag kenaryndaky «Farap» şypahanasynda gan aýlanyşyňy kadalaşdyryp, seriňi çaganyňky ýaly durlaýan ýörite otag bilen oňurgadaky näsazlyklary bejermäge ýardam berýän enjamlar hem dynç alyp, saglygyna seretdirmäge gelýänleriň ygtyýarynda. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bu ýerde täze ozonoterapiýa otagy açyldy. Ady aýdyp dur: bejergide ozon gazy bilen kislorod ulanylýar. Bu iki garyndynyň birleşmesi bilen berilýän bejergä lukmançylykda «fizioterapewtik usul» diýilýär. Şeýle bejergi bedende gan aýlanyşygyny gowulandyrmaga, onuň kesele garşy göreşijilik ukybyny berkitmäge, dokumalaryň we agzalaryň kislorod bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Tomus möwsüminiň öňüsyrasynda şypahanada çekim, limfodrenaž we elektroforez enjamlary hem ornaşdyrylypdyr. Bu enjamlar arkaly oňurga bilen baglanyşykly näsazlyklaryň öňüni almak we bejeriş-sagaldyş çärelerini geçirmek, gan aýlanyşygyny işjeňleşdirmek, bedende ýygnanan artykmaç suwuklyklaryň çykmagyna ýardam etmek, sowuklama ýagdaýlaryny azaltmak ýaly ugurlarda netijeli işler alnyp barylýar. Şypahananyň lukmanlary her kimiň saglyk ýagdaýyny aýratyn öwrenip, degişli bejergileri lukmançylyk görkezmelerine laýyklykda belleýän ekenler.

Hawa, bular diňe täzeleri. Şypahanada ýyllaryň dowamynda berlip gelinýän ozalky bejergiler hem her bir bedene täzeleniş, janlanyş bagyşlaýar. Şeýle bolansoň, tomsuň ilkinji günlerinden başlap, bu ýere ýurdumyzyň dürli sebitlerinden dynç almaga gelýänleriň sany barha köpeldi. Şu tomusda siz hem şolaryň biri bolup bilersiňiz.

«Farap» şypahanasynda tebigy bejeriji serişdeleriň mümkinçiliklerinden hem giňden peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri, Mollagara palçygy, deňiz duzlary, wulkan palçyklary ýaly tebigy serişdeler sagaldyş çäreleri bilen utgaşykly ulanylýar. Bu bolsa bejerginiň täsirliligini ýokarlandyrmaga, dynç alýanlaryň bedeniniň taplanmagyna we umumy ruhy ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam berýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info