«Fenerbahçe» ahyry baş tälimçisini tapdy

MilliInfo

7 sagat öň

Türkiýäniň «Fenerbahçe» futbol kluby Žoze Morunýuny wezipesinden boşadanyndan soň, birnäçe tejribeli tälimçiler bilen gepleşikleri geçirdi. Dünýä belli tälimçi Zinedin Zidan bilen gepleşikleri geçirýändigi aýdylsa-da, gürrüňdeşlik üstünlikli tamamlanmady. Zidanyň ýakyn wagtda Fransiýanyň milli ýygyndysyny türgenleşdirjekdigi aýdylýar.

«Fenerbahçe» özüniň täze baş tälimçisini Italiýadan tapdy. Topar bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşan italiýaly tälimçi Domeniko Tedesko «Men bu kluby ilkinji ýylymda çempion ederin» diýmek bilen, futbolçylary täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Tälimçilik karýerasyna «Erzgebirge Aue» klubynda başlan Tedesko soňra «Şalke 04» klubynyň iň ýaş baş tälimçisi boldy. Germaniýanyň kluby bilen Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykmagy başardy. Soňra Moskwanyň «Spartagynda» hem iň ýaş baş tälimçi boldy. Öz ligasynda 11-nji orunda barýan «Leipsig» toparyny tbolsa 4-nji orna çykaryp, ony Çempionlar ligasyna gatnaşmak hukugyna çenli ýetirmegi başardy. Tedesko Belgiýanyň milli ýygyndysynyň hem iň ýaş baş tälimçisi hökmünde tanaldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo