«Fenerbahçe» Ýewropanyň ýyldyzlaryna göz dikýär

MilliInfo

2 Awgust, 2025

Türkiýäniň «Fenerbahçe» futbol kluby dünýäniň meşhur ýyldyzlaryny transfer etmek bilen gyzyklanýar. Klubuň öňdäki möwsüm üçin esasy transfer maksatlarynyň arasynda «Real Madridden» Brahim Diaz we «Mançester Ýunaýtedden» Alehandro Garnaço ýaly oýunçylar bar.

«Fenerbahçe» tejribeli tälimçi Žoze Mourinýonyň aýratyn islegi esasynda, 25 ýaşyndaky Brahim Diaz bilen  gyzyklanýar. Zehinli oýunçy «Real Madridde» doly möwsüm meýdança çykmaga pursat tapmaýandygy üçin «Fenerbahçeniň» teklibine ýyly göz bilen seredýär. Klub Diazy kärendesine almagy meýilleşdirýär. Brahim Diaz (Real Madridde) 52 oýna gatnaşyp, 6 gol we 6 asist etdi.

21 ýaşyndaky argentinaly ýaş futbolçy Alehandro Garnaço hem «Fenerbahçeniň» transfer sanawyna girýär. «Mançester Ýunaýteddäki» möwsümini 11 gol we 10 assist bilen tamamlan Garnaço hem klubuň gyzyklanmasyna gulak gabartman duranok. Bu oýunçy üçin hem kärende usuly göz öňünde tutulýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info