Türk kluby düzümini gowşatmaýar: «Fenerbahçe» Zidan bilen deslapdan ylalaşdy

MilliInfo

7 Sentýabr, 2025

sporx

«Fenerbahçe» «Realyň» ozalky baş tälimçisi Zinedin Zidan bilen deslapky ylalaşygyny baglaşdy. Bu barada «Sabah Spor» özüniň «X» sosial torundaky sahypasynda habar berdi. 

Çeşmäniň maglumatyna görä, fransuz hünärmeni zähmeti haky we şertnamanyň anyk şertleri hakyndaky gepleşikler tamamlanandan soň Türkiýe Respublikasyna geler.

Ýeri gelende bellesek, «Fenerbahçe» toparynyň ahyrky tälimçisi Žoze Mourinýu awgustyň ahyrky günlerinde wezipesinden boşadylypdy.  

Zidan 2016 — 2018-nji ýyllar aralygynda hem-de 2019 — 2021-nji ýyllarda «Reala» baş tälimçilik edipdi. Şol döwürde Korolewanyň topary Zidanyň ýolbaşçylygynda üç gezek Çempionlar ligasynyň, iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Ýene iki gezek bolsa Ispaniýanyň Superkubogyny eýeledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo