Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäherinde geçirilen bilbagly we guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, jemi 9 medaldan paýly boldular. Bilbagly göreş boýunça Aziýa çempionatynda ildeşlerimiz bürünç medallaryň 3-sini eýelän bolsalar, guşakly göreş boýunça yklym çempionatynda ýene 3 bürünç bilen 3 altyn medaly hem gazandylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde (19.06.2026ý) habar berildi.
Guşakly göreşiň erkin usuly boýunça Şatlyk Durdygulyýew 68 kilograma çenli, Hekim Täşliýew 100 kilograma çenli, Annagurban Allaberdiýew bolsa 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde altyn medala mynasyp boldular. Şeýle hem bu ýaryşda Pälwan Babajanow 57 kilograma, Hekim Nurberdiýew 62 kilograma, Myrat Janmämmedow bolsa 82 kilograma çenli agram derejelerinde bürünç medallary eýelediler. Bu ugur boýunça ýaryşa 15 döwletden 215 türgeniň gatnaşyp, onuň bäsdeşlik derejesi örän ýokary boldy.
Bilbagly göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda hem ildeşlerimiz ýokary netijeleri gazandylar. Hekim Täşliýew 100 kilograma, Hojanazar Annaýew 75 kilograma, Batyr Hemraýew bolsa 82 kilograma çenli agram derejelerinde bürünç medallara eýe boldular. Bu ýaryşa 10 döwletden 200 türgeniň gatnaşandygyny-da bellemek gerek.
Baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleriň aglabasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlardyr. Şatlyk Durdygulyýew bilen Hekim Nurberdiýew Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Annagurban Allaberdiýew bilen Hojanazar Annaýew Türkmen döwlet maliýe institutynda, Hekim Täşliýew hem-de Myrat Janmämmedow Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okaýar. Pälwan Babajanow bolsa Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň okuwçysydyr.
Biziň türgenlerimiziň göreşiň bu iki görnüşiniň watany hasaplanylýan dostlukly döwletden 9 medal bilen dolanyp gelmegi olaryň gujur-gaýratynyň, yhlasynyň nobatdaky güwäsidir.
