Ferstappen «Formulа-1» boýunça Kataryň Gran-prisinde ýeňiş gazandy

MilliInfo

1 Dekabr, 2025

«Red Bull» toparynyň Niderlandlardan bolan sürüjisi Maks Ferstappen «Formulа-1» boýunça Kataryň Gran-prisinde ýeňiş gazanyp, bassyr bäşinji gezek dünýä çempiony derejesini saklap galmak mümkinçiligin eýe boldy.

Ferstappen häzirki möwsümdäki ýedinji Gran-prisini eýeledi. Ýaryşda ikinji orna «Maklaren» toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piýastri mynasyp boldy. «Uilliamsdan» ispaniýaly sürüji Karlos Saýns ilkinji üçlügi jemlemegiň hötdesinden geldi. Şahsy hasapda liderlik edýän «Maklareniň» britaniýaly wekili Lando Norris dördünji boldy.

Öňdäki onluga giren beýleki sürüjiler:

  • 5. Andrea Kimi Antonelli (Italiýa, «Maklaren»),

  • 6. Jorj Rassell (Beýik Britaniýa, «Mersedes»),

  • 7. Fernando Alonso (Ispaniýa, «Aston Martin»),

  • 8. Şarl Lekler (Monako, «Ferrari»),

  • 9. Liam Louson (Täze Zelandiýa, «RB»),

  • 10. Ýuki Sunoda (Ýaponiýa, «Red Bull»).

2025-nji ýylyň «Formula-1» ýaryşynyň jemleýji — 24-nji tapgyry 5—7-nji dekabrda Abu-Dabide geçer.

«Formula-1-iň» jemleýji ýaryşynyň öňüsyrasynda şahsy hasap boýunça öňdäki onlugyň sanawy:

  • 1. Lando Norris («Maklaren») — 408 utuk.

  • 2. Maks Ferstappen («Red Bull») — 396.

  • 3. Oskar Piastri («Maklaren») — 392.

  • 4. Jorj Rassell («Mersedes») — 309.

  • 5. Şarl Lekler («Ferrari») — 230.

  • 6. Lýuis Hemilton («Ferrari») — 152.

  • 7. Andrea Kimi Antonelli («Mersedes») — 150.

  • 8. Aleks Albon («Uilýams») — 73.

  • 9. Karlos Saýns («Uilýams») — 64.

  • 10. Isak Hajar («Reýsing Bullz») — 51.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info