FIFA-nyň tehniki eksperti Swetlana Kaşuba: «Türkmenistanda futbolyň geljegi uly»

MilliInfo

1 Awgust, 2025

FIFA-nyň tehniki eksperti Swetlana Kaşuba: «Türkmenistanda futbolyň geljegi uly»

Häzirki wagtda paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda «C» derejeli tälimçileri taýýarlaýan okuw sapaklary dowam edýär. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň žurnalisti bu okuw sapaklaryna gözegçilik etmek üçin Watanymyza gelen FIFA-nyň tehniki eksperti Swetlana Kaşuba türkmen futbolynyň geljegi hem-de ýurdumyzyň sport infrastruktutrasy hakyndaky sowallary bilen ýüzlendi. Bu söhbetdeşlik TFF-niň resmi saýtynda futbol muşdaklaryna ýetirildi:

– Türkmenistana ilkinji gezek gelişiňizmi?
– Hawa, ilkinji gezek Türkmenistanda bolýaryn.

– Näme sebäpden futboly saýladyňyz?
– Men futboly söýýän, şonuň üçin hem, futbol bilen baglanyşykly hünäri saýladym. Men uzak wagt bäri futbolyň içinde.

– Aşgabatda sportda ýa-da beýleki ugurlar boýunça nämeler sizi haýran galdyrdy?
– Oňat infrastruktura we uly stadionlaryň bolmagy haýran galdyrdy.

– Türkmenistanda futbolyň ösüşine nähili baha berýärsiňiz?
– Soňky wagtlar Türkmenistanda futbolyň ösüşi anyk duýulýar, sebäbi futbolyň dolandyrylyşynda tejribeli hünärmenler işleýär. 

– Futbol eksperti hökmünde siz türkmen futbolynyň geljegini nähili görýäňiz?

– Türkmenistanda futbolyň geljeginiň uldygyny aýdyp bilerin. Has uly üstünlikler üçin bolsa heniz wagt gerek. 

– Türkmenistanly ýaş futbolçulara, tälimçilere nämeleri maslahat bermek isleýärsiňiz!?

– Futboly söýüň, türgenleşiklerden ýadamaň, fiziki taýdan kämil boluň we bu jadyly oýundan lezzet alyň! Ana, şonda üstünlik size ýaran bolar. 

– Sowallarymyza beren jogaplaryňyz üçin köp sag boluň, işiňizde üstünlik arzuw edýäris! 
– Sag boluň!

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info