FIFA dünýä çempionaty 2026-nyň tumarlaryny tanyşdyrdy

MilliInfo

27 Sentýabr, 2025

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) öňde boljak futbol baýramçylygynyň — 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi tumaryny tanyşdyrdy.

Çempionaty kabul edýän her bir ýurt öz simwolyny kabul edýär:

  • Kanadanyň simwoly Meýpl atly sugun bolar;

  • Meksika — Zaýýu atly gaplaň;

  • ABŞ — Klatç atly bürgüt.

Şol bir wagtyň özünde hem ýaryşy geçirýän ýurtlaryň dostlugyň hem birligiň obrazyny döredýän tumarlar tebigy we medeni simwollary utgaşdyrýar.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty 15-nji iýun — 13-nji iýul aralygynda üç ýurtda geçiriler: ABŞ, Kanada hem-de Meksika. Bu taryhda üç ýurtda geçýän ilkinji dünýä çempionaty hökmünde bellige alnar. Oňa gatnaşýan ýygyndy toparlaryň sany rekord derejede bolar — 48 ýygyndy. Duşuşyklar 16 şäherde geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyklaryň esasy bölegi we pleý-off tapgyry ABŞ-da oýnalar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo