«FIFA The Best 2025»: Dembele — iň ökde futbolçy, Donnarumma — iň gowy derwezeçi hem-de simwoliki ýygyndy

MilliInfo

17 Dekabr, 2025

Dohada geçirilen «The Best FIFA Football Awards» dabarasynda FIFA ýylyň iň gowlularyny yglan etdi.

Şunlukda, «Pari Sen-Žermeniň» fransiýaly hüjümçisi Usman Dembele FIFA tarapyndan 2024/25 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.

 Möwsümiň iň ökde futbolçysyny milli ýygyndylaryň baş tälimçileriniň we kapitanlarynyň, şeýle-de sport žurnalistleriniň we janköýerleriň sesleri kesgitledi. Şunda meşhur futbolçynyň Kilian Mbappe («Real»), Rafinýa («Barselona»), Aşraf Hakimi, Nunu Mendeş, Witinýa (hemmesi - «PSŽ»), Garri Keýn («Bawariýa»), Koul Palmer («Çelsi»), Mohamed Salah («Liwerpul») we Lamin Ýamal («Barselona») ýaly dalaşgärleriň arasyndan saýlanandygyny bellemek gerek.

Möwsümiň iň öňde zenan futbolçusyna gowşurylýan baýraga bolsa üçünji gezek «Barselonanyň» ispaniýaly wekili Aýtana Bonmati mynasyp boldy. Onuň «Altyn top» baýragynyň hem üç gezek eýesi bolandygyny ýatladýarys.

Italiýaly derwezeçi Janluiji Donnarumma geçen möwsümiň iň gowy derwezeçisi hökmünde FIFA-nyň «The Best» baýragyna eýe çykdy.

Futbol ýoluny «Mançester Sitide» dowam etdirýän zehinli derwezeçi bu baýraga 2024-nji ýylyň 11-nji awgusty — 2025-nji ýylyň 2-nji awgusty aralygyndaky netijeli çykyşy üçin eýe boldy. Şol döwürde derwezeçi Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» klubunyň düzüminde dört kubok utdy: Çempionlar ligasy, Fransiýanyň çempionaty, şeýle-de ýurduň Kubogy we Superkubogy.

Alisson Bekker («Liwerpul»), Tibo Kurtua (Madridiň «Realy»), Emiliano Martines («Aston Willa»), Manuel Noýer («Bawariýa») Dawid Raýýa («Arsenal»), Ýan Zommer («Inter»), Woýseh Şçensny («Barselona») ýaly güýçli dalaşgärleriň arasynda saýlanmagy Donnarummanyň zehinine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.

Zenanlaryň futbolunda 2025-nji ýylyň iň gowy derwezeçisi Hanna Hempton («Çelsi», Angliýanyň ýygyndysy) boldy.

Iň gowy tälimçi

2025-nji ýylyň iň gowy tälimçisi – Luis Enrike («PSŽ»).
Zenanlaryň futbolynda ýylyň iň gowy tälimçisi – Sarina Wigman-Glosbah (Angliýanyň ýygyndysy).

2025-nji ýylyň iň gowy goly

2025-nji ýylyň iň gowy golunyň eýesi Santýago Montel («Independente») boldy.

Zenanlardan bolsa ahyrlap barýan ýylyň iň gowy golunyň eýesi Lizbet Owalle («Tigres») hasaplanyldy.

Mundan başga-da, bu ýerde Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/2-nji ýyllaryň möwsüminiň simwoliki topary yglan edildi.

Derwezeçi: Janluiji Donnarumma (Italiýa, «PSŽ»/«Mançester Siti»)

Goragçylar: Aşraf Hakimi (Marokko), Wilýan Paço (Ekwador), Nunu Mendeş (Portugaliýa) – (hemmesi «PSŽ»), Wirjil wan Deýk (Niderlandlar, «Liwerpul»)

Ýarymgoragçylar: Koul Palmer (Angliýa, «Çelsi»), Jud Bellingem (Angliýa, «Real»), Witinýa (Portugaliýa, «PSŽ»), Pedri (Ispaniýa, «Barselona»)

Hüjümçiler: Lamin Ýamal (Ispaniýa, «Barselona»), Usman Dembele (Fransiýa, «PSŽ»).

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info