Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) Yklymara kubogyň finalynda topuň meýdanyň çäginden çykandygyny hasaba alýan täze tehnologiýany oflaýn tertibinde synagdan geçirdi.
Ýaryşyň jemleýji duşuşygynda «Pari Sen-Žermen» toparynyň ýarym goragçysy Fabian Ruisiň «Flamengonyň» derwezesine geçiren goly topuň has ir meýdançanyň çäginden çykandygy sebäpli hasaba alynmady.
«Täze tehnologiýanyň FIFA-nyň Yklymara kubogynyň finalynyň birinji ýarymyndaky goluň öňüsyrasynda topuň meýdançanyň çäginden çykandygyne bellige almagy geljekde şeýle innowasiýalaryň nähili ulanylyp bilinjekdiginiň ajaýyp mysaly boldy» diýip, FIFA-nyň wekili belledi.
Katarda geçirilen bu ýaryşda oýunçylary elektron yzarlaýan ulgam hem ulanyldy: stadionyň üçeginiň aşagyndaky 16 kamera her futbolçynyň bedenindäki 29 nokady sekuntda 50 gezek seljerip, topuň anyk ýerleşýän ýeri bilen bilelikde oýundan daşardaky ýagdaýlar baradaky maglumatlary hakyky wagt tertibinde geçirip durdy.
Resmi toplar sekuntda 500 gezek ugurlary hasaba alýan ýörite sensor bilen enjamlaşdyryldy. Bu bolsa VAR ulgamyna topa deglen pursatlary we urgy takyklygyny anyklamaga ýardam etdi.
Mundan başga-da, ozal klublaryň dünýä çempionatynda oýundan daşardaky ýagdaýlar boýunça barlagdan geçen we kämilleşdirilen ýarym awtomatik kesgitleme ulgamy (SAOT) hem täzeden synalyp görüldi.
