FIFA dünýä çempionatynyň finalynyň geçjek futbol meýdanynyň otunyň böleklerini satuwa çykardy

MilliInfo

19 minut öň

FIFA dünýä çempionatynyň finalynyň geçjek futbol meýdanynyň otunyň böleklerini satuwa çykardy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) kolleksionerler üçin täsin aksiýa başlady: gurama özüniň resmi onlaýn-dükanynda täsin sowgatlygy — täze dünýä çempionynyň ady belli boljak Nýu-Jersi şäherindäki «MetLaýf» stadionyň oýun meýdançasynyň otunyň böleklerini satuwa çykardy.

Ýadygärlik sowgadyň bahasy 450 ABŞ dollaryna deňdir. Otlaryň özüniň ilki durkuny saklamagy üçin, gazonyň her bir bölegi dury epoksid şepbiginiň içine ýerleşdirilendir. Sowgatlyk bilen bilelikde ýörite USB-maglumat göteriji hem berilýär, onda finalyň bu täsin böleginiň hakykylygyny tassyklaýan sanly sertifikat bar.

Guramaçylar munuň eksklýuziw kolleksiýa gymmatlygydygyny we dünýäniň iň uly sport wakalarynyň biriniň taryhyna galtaşmaga mümkinçilik berýändigini belleýärler. Häzirki wagtda finalyň geçiriljek meýdançasynyň bölegine öňünden sargyt etmek mümkinçiligi diňe ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň ýaşaýjylaryna elýeterlidir.

Dünýä çempionaty — 2026-nyň taryhy final duşuşygy «MetLaýf» stadionynda şu ýekşenbe güni — 19-njy iýulda Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info