«Magtymguly Pyragy» filmi abraýly halkara kinofestiwalyň baýragyna eýe boldy

MilliInfo

11 Sentýabr, 2025

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň bilelikdäki taslamasy bolan «Magtymguly Pyragy» atly çeper film Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilen «Altyn minbar» atly XXI halkara kinofestiwalda «Russiýa – Yslam dünýäsi» maksatnamasynyň diplomyna eýe boldy. Tomaşaçylara häzirki wagtda hem hemmeleri ruhlandyrýan ajaýyp taryhy sowagat eden filmiň režissýory Muzaffarhon Erkinowyň iki ýurduň medeniýetleriniň özboluşly utgaşmasyndaky orny bellendi.

Magtymgulynyň döredijiligi diňe Merkezi Aziýanyň taryhynda öçmejek yz goýmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýa edebiýatynyň ähmiýetli parçasy hökmünde hemmeleriň aňynda ebedi ýaşaýar.

Türkmenistan filmi döretmekde möhüm wezipäni ýerine ýetirdi. Çünki bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça başangyç Watanymyza degişli bolup, munuň üçin maglumatlaryň anyklygynyň, her bir sahnanyň täsirliliginiň üpjün edilmegi üçin taryhy ýadygärliklere hem-de medeni arhiwe elýeterlilik mümkinçilikleri döredildi. Türkmen hünärmenleriniň işjeň gatnaşmagy ýazgylarda iki asyryň sazlaşygyny döretmäge hem-de filmiň maglumatlar babatda aýratyn anyk, çuň mazmunly hem täsirli çykmagyna ýardam etdi.

Aýraýly halkara kinofestiwalyň çäginde gazanylan üstünlik Türkmenistan üçin möhüm netijedir. Ol ýurdumyzyň dünýä derejesinde medeni mirasy gorap saklamakdaky we ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmekdäki işjeň ornuny tassyklaýar. Filmiň «Russiýa — Yslam dünýäsi» ugry boýunça ýeňiji bolmagy hem ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň merkezi hökmünde uly abraýa eýe bolýandygynyň we Özbegistan hem beýleki goňşy döwletler bilen üstünlikli medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygynyň beýanyna öwrüldi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo