Maýkl Jekson hakyndaky film görkezilip başlanan ilkinji günlerinden kassa ýygymy boýunça rekord goýdy

MilliInfo

1 Maý, 2026

Maýkl Jekson hakyndaky film görkezilip başlanan ilkinji günlerinden kassa ýygymy boýunça rekord goýdy

Pop-sazyň amerikaly superýyldyzy Maýkl Jekson baradaky täze film biografik kino eserleriniň arasynda rekord goýmak bilen, eýýäm ilkinji dynç günlerinde kassa ýygymyny 217 million dollara ýetirdi.

Maýkl Jeksonyň keşbini onuň ýegeni Jafar Jeksonyň janlandyran «Maýkl» atly filminiň dünýä derejesindäki ilkinji görkezilişi geçen hepdäniň çarşenbe güni, ýagny 22-nji aprelde geçirilipdi.

Biografik filmde aýdymçynyň durmuşynyň birnäçe tapgyry — onuň agyr ykbalyndan başlap, iň meşhur çykyşlaryna çenli täsirli usulda beýanyny tapýar. Bu taslamada Jeksonyň 1960-njy ýyllarda «The Jackson 5» maşgala toparynyň düzüminde meşhurlyk gazanyp başlamagyndan, tä 1980-nji ýyllaryň ahyryndaky ählumumy üstünliklerine çenli uzaýan ýol barada gürrüň berýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info