Aşgabatda Hezret Annageldiýewiň keramika sergisi açylar

MilliInfo

2 sagat öň

Paýtagtymyzyň «Sungat» galereýasy 12—31-nji maý aralygynda aralygynda geçiriljek keramikanyň gadymy we elmydama juwan sungatynyň jadyly dünýäsine aralaşmaga çagyrýar. Hezret Annageldiýewiň «Gündogaryň çuňlugyndaky durmuş many-mazmunlary» atly çuň manyly şahsy sergisi gözelligi söýüjileriň ählisi üçin öz gapylaryny giňden açar.

Bu sergi däp bolan usullaryň we häzirki zaman awtorlyk garaýyşlarynyň özboluşly utgaşmasydyr. Hezret Annageldiýewiň işlerinde palçyk diňe bir işlenilýän material bolmak bilen çäklenmeýär, ol gündogar ruhunyň ýyl ýazgysyna öwrülýär.

Ussadyň her bir eseri nesilleriň dowamatlylygy, sazlaşygyň gözlegi bolup, ýönekeý tebigy güýçlerden — toprakdan, suwdan we otdan belent sungatyň nähili döreýändigi baradaky oýlanmadyr. Sergi diňe sungaty öwrenijiler üçin däl, eýsem, asyl medeniýetden ylham gözleýänleriň ählisi üçin gyzykly hem täsirli bolar.

Giriş mugt.

Telefon belgileri: +99362585130, +99365675732

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info