Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary 29-njy oktýabr — 1-nji noýabr aralygynda Panama Respublikasynda geçirilen «Robotlaryň Olimpiadasynda» üstünlikli çykyş etdiler. Mekdep okuwçylarymyz «Skills Challenge» bäsleşiginde, ýagny robotlaryň ýekelikde özbaşdak işleri ýerine ýetiriş ýaryşynda 1-nji derejeli diploma mynasyp bolmagy başardylar.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, toparyň taýýarlan roboty ýerine ýetirmeli işleri 50 sekundyň dowamynda doly ýerine ýetirip, jemi 54.6 ball toplamagy başardy. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýykda, ýaryşyň bu şerti boýunça 2-nji orna Ermenistan Respublikasynyň, 3-nji orna Hytaý Halk Respublikasynyň toparlary mynasyp boldular.
2017-nji ýyldan bäri geçirilýän robot tehnologiýasy boýunça «First Global Challenge 2025» halkara ýaryşyna 194 döwletiň 970-den gowrak ýaş inženeri gatnaşdy. Ýaryşda ýurdumyzyň adyndan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary Ysmaýyl Çaryýew, Emirhan Gylyçmuhammedow, Aznawur Çolukow, Şirmuhammet Gulow, Gurbangeldi Orazgeldiýew ýaly ýaşlardan düzülen «Oguzrobot» topary wekilçilik etdi. Ozal hem belleýşimiz ýaly, topara tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edip, okuwçylar birnäçe aýyň dowamynda bu halkara ýaryşa «Kämil bilim» okuw merkezinde bokary derejede taýýarlyk gördüler.
Türkmen mekdep okuwçylarynyň gazanan üstünligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara derejesinde ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.