Fitnes instruktorlaryny hem-de owkalaýjylary taýýarlaýan okuwlar size garaşýar

MilliInfo

16 Sentýabr, 2025

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýanyndaky «Talyp sport» döwlet kärhanasy siziň üçin fitnes dünýäsinde hem-de sagaldyş bedenterbiýesinde täze mümkinçilikleri açjak okuwlary hödürleýär.

Fitnes hem-de bedenterbiýe arkaly sagaldyş boýunça binýatlyk bilimiňizi kämilleşdirmek isleýän bolsaňyz bu ugurdaky karýeraňyzy şu ýerde döredilen mümkinçiliklerden başlaň. Çünki siz şu ýerde kämilleşmek bilen fitnes instruktory ýa-da sagaldyş bedenterbiýesi boýunça hünärmen bolup bilersiňiz.

Bu ýerde zähmet çekýän tejribeli hünärmenler türgenleşikleriň netijeli maksatnamasyny düzýärler, müşderiler bilen degişli talaplara görä işleýärler we olaryň maksatlaryna ýetmegine kömek edýärler.

«Talyp sport» döwlet guramasy umumy we sport massažy boýunça okuwlary hem hödürleýär. Başlangyç hem-de ozal şu ugur bilen işleýän hünärmenler üçin niýetlenen bölümler kämil maksatnamalara esaslanýar.

Okuwlary tamamlanyňyzda bolsa karýeraňyzyň badalgasy boljak şahadatnamalara eýe bolarsyňyz.

Habarlaşmak üçin: +993 12 22-65-36, +993 12 22-65-37 ýa-da +993 65 65 25-63-33

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo