«Arkadag» futbol kluby täze transferini yglan etdi: topar hüjümini güýçlendirdi

MilliInfo

3 sagat öň

«Arkadag» futbol kluby gyşky transfer möwsüminiň ilkinji günlerinde düzümini futbol meýdanynyň degişli ganatlarynda çykyş edýän hüjümçi Meýlis Diniýew bilen güýçlendirildi.

25 ýaşly futbolçy mundan ozal Gyrgyz Respublikasynyň «Kyrgyzaltyn» toparynda çykyş edipdi.

Aýratyn bellenilmeli maglumatlaryň biri hem, Meýlis Diniýewiň Aşgabadyň «Köpetdag» toparynyň düzüminde çykyş edýän döwri — 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolandygydyr. 2022-nji ýylda bolsa şol Kubogy «Ahal» toparynyň düzüminde gazandy we ýurdumyzyň çempiony diýen adyň eýesi boldy. Netijeli hüjümçiniň Türkmenistanyň milli ýygyndysyna yzygiderli çagyrylýandygyny hem aýratyn ýatlamalydyrys.

Diniýewiň bu transfer şertnamasyny kabul etmegi 11-nji we 18-nji fewralda AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2 bäsleşiginiň Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyna garşy geçiriljek pleý-off duşuşyklarynyň öňüsyrasynda «Arkadagyň» hüjüm mümkinçiligini has-da güýçlendirmegine täsirini ýetirer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info