«Arkadag» futbol kluby «AFK Çempionlar Ligasy-2» ýaryşynda Eýranyň «Gol Goharyny» ýeňdi — 1:0

MilliInfo

4 Noýabr, 2026

AFC
«Arkadag» futbol kluby «AFK Çempionlar Ligasy-2» ýaryşynda Eýranyň «Gol Goharyny» ýeňdi — 1:0

Şu gün — 4-nji noýabrda Türkmenistanyň çempiony — «Arkadag» futbol kluby öz futbol meýdanynda «AFK Çempionlar Ligasy-2» ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 4-nji duşuşygynda Eýranyň «Gol Gohar» toparyny kabul etdi. Duşuşyk türkmen toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Birinji ýarymda Wladimir Baýramowyň şägirtleri janköýerleriň goldawy astynda yzygiderli hüjüm edip, bäsdeşiň derwezesiniň öňünde howply pursatlary döretdiler. Eýranyň kluby bolsa ünsi goragda jemledi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda düzümdäki üýtgeşmeler we ýer eýeleriniň yzygiderli hüjümleri öz netijesini berdi. 77-nji minutda ätiýaçdan meýdana çykan ýarymgoragçy Şanazar Tirkişow garşydaşyň jerime meýdançasynda topy eýeläp, topardaşy Ahmet Ataýewe geçirdi. Tejribeli ýarymgoragçynyň jaýdar urgusy bolsa topuň derwezede gaýmalamagyna getirdi. Hasap 1:0 boldy. Oýun şeýle netije bilen jemlendi we «Arkadag» futbol kluby wajyp ýeňşe eýe boldy.

Indiki tapgyrda türkmen kluby myhmançylykda Bahreýniň «Al-Muharrak» topary bilen duşuşar. Oýun 25-nji noýabrda geçiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info