«Arkadag» futbol kluby AFK-2-niň toparçalaýyn tapgyryna çykmak üçin «Goa» bilen duşuşar

MilliInfo

11 sagat öň

«Arkadag» futbol kluby AFK-2-niň toparçalaýyn tapgyryna çykmak üçin «Goa» bilen duşuşar

Halkara futbol oýunlary ýene-de Türkmenistana dolanar. Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby 2026/27 ýyllaryň möwsüminde AFK-2 Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda Hindistanyň «Goa» kluby bilen öz meýdançasynda duşuşyk geçirer. Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) habar bermegine görä, duşuşyk 12-nji awgustda «Arkadag» stadionynda geçiriler.

Bu duşuşygyň ýeňijisi AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanar. Asgyn gelen topar bolsa möwsümi AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda dowam etdirer.

Türkmenistanyň çempiony bolan «Arkadag» kluby 2024/25-nji ýyllaryň möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi boldy. Şondan soňra, 2025/26-njy ýyllaryň möwsüminde bolsa AFK-2 Çempionlar ligasyna gatnaşyp, toparçalaýyn tapgyrda 7 utuk toplady. Ol öz toparçasynda ikinji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna çykmagy başardy.

Türkmen klubynyň garşydaşy bolan Hindistanyň «Goa» topary Hindistanyň Superkubogynyň eýesi hökmünde saýlama tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Final duşuşygynda topar «Jamşedpur» klubyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Geçen möwsümde hem «Goa» AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmagy başarypdy. Ol munuň üçin saýlama duşuşygynda Omanyň «Al-Seeb» toparyndan üstün çykmaly bolupdy. Şeýle-de bolsa, toparçalaýyn tapgyrda dördünji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna çykyp bilmedi.

2026/27-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Türkmenistan halkara klub ýaryşlaryna «Ahal» futbol kluby bilen hem wekilçilik eder. 2025-nji ýylyň milli çempionatynda ikinji orny eýelän «Ahal» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna göni ýollanma aldy.

AFK-2 Çempionlar ligasy derejesi boýunça Aziýadaky klub ýaryşlarynyň arasynda AFK-nyň Elita Çempionlar ligasyndan soň ikinji orunda durýar. Ýeri gelende bellesek, täze möwsümiň toparçalaýyn tapgyry 2026-njy ýylyň sentýabrynda badalga alar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info