Şu gün — 15-nji sentýabrda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyna garşy öz meýdançasynda geçirjek duşuşygy bilen Türkmenistanyň «Arkadag» toparynyň futbolçylary AFK-nyň Çempionlar ligasy–2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşlaryna başlarlar.
Ýeri gelende bellesek, bije çekişligiň netijelerine görä, bu toparlar «B» toparçasyna düşdi. Şol toparçada türkmen klubundan hem-de onuň şu günki garşydaşyndan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» we Eýranyň «Gol Gohar» toparlary hem çykyş eder.
Türkmenistanyň we Bahreýniň häzirki çempionlarynyň arasyndaky duşuşyk Arkadag şäheriniň 10 müň tomaşaça niýetlenen adybir stadionynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar.
«Arkadagyň» AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň täze möwsümindäki ilkinji garşydaşy «Al-Muharrak» Bahreýniň iň gadymy we iň üstünlikli futbol klublarynyň biridir. Ol 98 ýyl ozal, has takygy 1928-nji ýylda döredilipdir. Şu döwrüň dowamynda topar köp sanly milli we sebit derejeli çempionlyk derejelerini gazandy. Olaryň arasynda Bahreýniň Premýer-ligasyndaky 36 çempionlyk hem-de Pars aýlagynyň Çempionlar ligasyndaky 1 ýeňiş bar.
Mundan başga-da, «Al-Muharrak» 2008-nji we 2021-nji ýyllarda AFK kubogynyň eýesi boldy. Bu ýaryş Aziýanyň klub futbolynda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli kubok bäsleşigidir.
«Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýyldan bäri milli çempionatyň ýokary ligasynda çykyş edip gelýär we bu ýerde ajaýyp statistiki görkezijilere eýelik edýär: topar geçirilen 20 duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazanyp, geçiren we goýberen toplarynyň gatnaşygy 82:12 boldy. Çempionatyň häzir dowam edýänligi sebäpli, topar ýaryş ritminiň iň ýokary derejesinde. AFK-nyň Çempionlar ligasy–2 ýaryşynyň saýlama tapgyrynda hem türkmen kluby hindi klubundan — «Goa» toparyndan 3:0 hasabynda ynamly üstün çykdy.
Topar öz meýdançasynda oýna tutuşlygyna gözegçilik etmäge, garşydaşyň ýarym meýdançasynda güýçli pressinge we ganatlardan çalt hüjümleri guramaga daýanýar. Soňky bäş duşuşykda futbolçylar 19 gol geçirip, öz derwezesinden bary-ýogy 2 gol goýberdiler.
«Al-Muharragyň» futbolçylary, ýokarda bellenilişi ýaly, Aziýanyň klub ýaryşlarynyň derejesi boýunça ikinji kubogyny iki gezek gazanan tejribeli toparlaryň biridir. Häzirki möwsümde onuň içerki çempionata başlaýşy şowly bolmady. Ilkinji üç tapgyrda topar «Al-Ahli» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady, soňra «Al-Ittifakdan» 0:1 hasabynda ýeňildi we soňky duşuşykda «Manamany» 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Myhmançylykdaky duşuşyklar tälimçiler toparyny aýratyn aladalandyrýar: «Al-Muharrak» soňky iki daşarky duşuşygynda 0:1 hasabynda ýeňildi.
Ikinji tapgyrda, 14-nji oktýabrda «Arkadag» futbol kluby myhmançylykda «Al-Jazira» bilen duşuşar.
Üçünji tapgyrda, 28-nji oktýabrda bolsa Wladimir Baýramowyň şägirtleri «Gol Gohar» bilen duşuşar. Bu oýun Täjigistanda geçiriler, çünki Eýranyň kluby ýaryşyň çäklerinde resmi öý duşuşyklaryny şol ýerde geçirer. Jogap duşuşygy bolsa 4-nji noýabrda Türkmenistanda guralar.
Türkmen topary üçin toparçalaýyn tapgyr 25-nji noýabrda myhmançylykda «Al-Muharrak» we 9-njy dekabrda öz meýdançasynda «Al-Jazira» bilen geçiriljek duşuşyklar bilen tamamlanar.
Yklymyň ikinji derejeli ähmiýetli klub ýaryşy AFK-nyň howandarlygynda eýýäm 22-nji gezek ýaýbaňlandyrylýar. Şeýlelikde, toparçalaýyn tapgyrda 23 ýurtdan 32 klub çykyş eder.
Ýaryşyň toparçalar tapgyrynda oňa gatnaşyjylar her bir garşydaş bilen iki gezek — biri öz meýdançasynda, beýlekisi myhmançylykda duşuşyp, jemi üç öý we üç myhmançylykdaky oýny geçirerler. Her toparçadan iň gowy iki topar 1/8 finala çykar.
1/8 final duşuşyklary 2027-nji ýylyň 9–18-nji fewraly aralygynda guralar. Çärýek final oýunlary 2–18-nji martda, ýarym final duşuşyklary 6–14-nji aprelde, final bolsa 15-nji maýda geçiriler.
Ýaryşyň ýeňijisi indiki möwsümde AFK-nyň elit Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna göni ýollanma alar.
Ýeri gelende ýatlasak, geçen möwsümde «Arkadagyň» futbolçylary bu ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndan üstünlikli geçip, pleý-off bölegine çykdylar. 1/8 finalda bolsa olar Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» asgyn geldiler.
