«Arkadagyň» futbol klubynyň oýunçylary ýene-de Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp boldular. Döwlet ähmiýetli «akylly» şähere wekilçilik edýän topar bu möhüm duşuşykda «Ahaly» 3:0 hasabynda ýeňip, ajaýyp üstünlige eýe boldy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan Naýbaşy Kubok ugrundaky bäsleşik 2005-nji ýyldan bäri ýurduň çempiony bilen Kubogynyň eýesiniň arasynda geçirilip gelinýär. Geçen ýyl «Arkadag» Türkmenistanyň çempionatyny we Kubok ugrundaky ýaryşy ýeňiş bilen jemledi. «Ahal» bolsa ýurduň Kubogynyň finalçysy hökmünde Superkubok ugrundaky duşuşyga gatnaşmaga hukuk gazandy.
Milli derejeli ähmiýeti boýunça üçünji uly kubok ugrundaky aýgytlaýjy oýun Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.
Duşuşygyň 19-njy minutynda Rahman Myratberdiýew hasaby açdy. Ikinji ýarymda Begenç Akmämmedowyň (57-nji minut) we Şanazar Tirkişowyň (79-njy minut) takyk urgulary Türkmenistanyň üç gezek çempionynyň artykmaçlygyny has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy özeni bolup durýan «Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýylda döredildi we eýýäm bassyr üçünji ýylynda «dubl» etdi — ýurduň çempiony boldy we Kubogyny gazandy. Bellärlikli tarapy, bu topar döredilen gününden bäri milli birinjiligiň resmi oýunlarynda hiç hili utuk ýitirmedi. Soňky iki möwsümde «Arkadagyň» futbolçylary «trebl» etdiler: olar milli çempionatyň altyn medallarynyň üstüne ýurduň Kubogyny we Naýbaşy Kubogyny hem goşdular. Ine, indi bolsa olar bassyr üçünji ýyl ýurduň derejesi boýunça üçünji uly kubogyny eýeleýärler.
«Arkadag» futbol klubuny bu üstünlige toaryň baş tälimçisi hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ozalky meşhur hüjümçisi, Grozny şäheriniň «Terek» toparynyň düzüminde Russiýanyň Kubogynyň (2003/04) we «Balkan» topary bilen AFK-nyň Prezidentiniň kubogynyň (2013) eýesi, Naýbaşy Kubok ugrundaky oýun gününde 46 ýaşyny baýram eden Wladimir Baýramow ýetirdi.
Geçen ýylyň maý aýynda «Arkadag» Aziýanyň derejesi boýunça üçünji uly klub baýragyny — 2024/25 ýyllaryň futbol möwsüminiň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kubogyny gazanyp, finalda Kambojanyň «Prea Han Riç Swaý Rieng» toparyny 2:1 hasabynda ýeňipdi. Sentýabrda bolsa Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji ýaryşynda — 2025/26 möwsüminiň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-de çykyş etdi. Topar bu ýaryşyň pleý-off tapgyryna çenli baryp, 1/8 finalda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyndan iki oýunda-da birmeňzeş netije bilen (0:1 hasabynda) asgyn geldi.
Türkmenistanyň Superkubogy ugrundaky oýun «Arkadag» üçin 12-nji awgustda geçiriljek AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 2026/27 möwsüminiň deslapky tapgyrynyň çäginde Hindistanyň Superkubogynyň eýesi bolan «Goa» toparyna garşy geçiriljek oýnuň öňüsyrasynda ähmiýetli synag boldy. Bu duşuşykda ýeňiş gazanmagy Wladimir Baýramowyň şägirtlerine ýene-de AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň toparlaýyn tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik berer. Ýeňlen ýagdaýynda bolsa Arkadag şäheriniň topary Aziýanyň üçünji derejeli klub ýaryşy bolan AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş eder.
