«Arkadag» topary «Al-Haldiýany» ýeňdi we AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2 bäsleşiginiň pleý-off tapgyryna çykdy

MilliInfo

25 Dekabr, 2025

Geçen möwsümde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi bolan «Arkadag» futbol kluby 24-nji dekabrda AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-de taryhy netije gazandy.

Aziýanyň abraýly ýaryşynda çykyş edýän Türkmenistanyň çempiony toparlaýyn tapgyryň jemleýji, bäşinji duşuşygynda öz meýdançasynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» klubyny kabul etdi. Duşuşyk 1:0 hasabynda «Arkadag» futbol klubunyň peýadasyna tamamlandy. Türkmen toparyna ýeňiş getiren goly 45-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow geçirdi.

Toparlaýyn tapgyryň netijeleri boýunça «B» toparçasynda 10 utuk bilen Kataryň «Al-Ahli» topary birinji orny eýeledi. «Arkadag» futbol kluby 7 utuk bilen ikinji orunda ýerleşdi. Bu netije oňa ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçilik döretdi.

Pleý-off tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy 30-njy dekabrda geçiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info