«Forbes» Dünýä çempionaty – 2026-nyň iň köp hak alýan futbolçylarynyň reýtingini hödürledi

MilliInfo

1 sagat öň

«Forbes» Dünýä çempionaty – 2026-nyň iň köp hak alýan futbolçylarynyň reýtingini hödürledi

Meşhur «Forbes» portaly 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda çykyş etjek iň köp girdejili futbolçylaryň sanawyny çap etdi. Sanawyň başyny «Al-Nasr» klubynyň we Portugaliýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu çekýär, onuň umumy ýyllyk girdejisi 300 million dollara deňdir.

«Forbesiň» maglumatlaryna görä, dünýä çempionatynyň iň köp hak alýan 10 futbolçysynyň sanawy şeýle:

1.     Kriştianu Ronaldu, Portugaliýanyň ýygyndysy — 300 mln $

2.     Lionel Messi, Argentina — 140 mln $

3.     Kilian Mbappe, Fransiýa — 95 mln $

4.     Erling Holand, Norwegiýa — 80 mln $

5.     Winisius, Braziliýa — 60 mln $

6.     Mohamed Salah, Müsür — 55 mln $

7.     Sadio Mane, Senegal — 54 mln $

8.     Jud Bellingem, Angliýa — 44 mln $

9.     Lamin Ýamal, Ispaniýa — 43 mln $

10. Garri Keýn, Angliýa — 41 mln $

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info