Şu gün — 29-njy martda «Suzuka» ýolunda 2026-njy ýylyň «Formula-1» möwsüminiň üçünji tapgyry bolan Ýaponiýanyň Gran-prisiniň esasy ýaryşy geçirildi. Şeýlelikde, «Mersedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli ýeňiş gazandy. Ikinji orny «Maklaren» toparyndan Oskar Piastri, üçünji ýeri bolsa «Ferrari» toparynyň sürüjisi Şarl Lekler eýeledi.
Bu ýeňşi bilen Antonelli öz topardaşy Jorj Rasseli yzda galdyryp, şahsy hasapda öňdäki orna çykdy.
Iň güýçli onluga (top-10) girenler:
1. Andrea Kimi Antonelli («Mersedes») — 53 aýlaw.
2. Oskar Piastri («Maklaren») +13.722.
3. Şarl Lekler («Ferrari») +15.270.
4. Jorj Rassel («Mersedes») +15.754.
5. Lando Norris («Maklaren») +23.479.
6. Lýuis Hemilton («Ferrari») +25.037.
7. Pýer Gasli («Alpin») +32.340.
8. Maks Ferstappen («Red Bull») +32.677.
9. Liam Louson («Reýsing Bullz») +50.180.
10. Esteban Okon («Haas») +51.216.
Çempionatda gysga wagtlyk arakesmäniň bardygyny ýatladýarys.