Raýat jemgyýetiniň forumy: ikinji günüň netijeleri

MilliInfo

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Raýat jemgyýetiniň forumy 5-nji awgustda hem öz işini mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.

«Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar we durnukly ösüş» atly mejlisde sanly özgertmeler bilen baglanyşykly mümkinçiliklere seljerme berildi, şeýle hem tehnologiýalaryň çalt depginde ösýän häzirki şertlerinde inklýuziw we durnukly ösüşi gazanmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşyjylar sanly tehnologiýalara hemmeler üçin deň derejede elýeterliligiň üpjün edilmeginiň, sanly infrastrukturanyň pugtalandyrylmagynyň, şeýle hem sanly ulgamlaryň howpsuzlygyny hem-de ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Sanly inklýuziwligi ilerletmekde raýat jemgyýetiniň eýeleýän ornuna aýratyn üns çekildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de bilermenler sanly serişdelere deňhukukly elýeterliligi üpjün etmek, sanly bilimi ornaşdyrmak we jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň arasynda sanly ulgam baradaky habardarlygy ýokarlandyrmak babatda toplanan tejribäni paýlaşdylar. Raýat jemgyýeti döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň hem-de ilatyň arasynda köpri bolmak bilen bir hatarda, özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Raýat jemgyýetiniň bu işlere işjeň gatnaşmagy her bir adamyň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegine şert döredýän durnukly sanly gurşawy kemala getirmäge ýardam berýär.

Mejlisiň dowamynda sanly ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we innowasion ekoulgamlary goldamaga gönükdirilen anyk maslahatlar hem-de teklipler öňe sürüldi. Şeýlelikde, mejlis sanly ykdysadyýetiň we innowasiýalaryň durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän ornuna has içgin göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Soňra forumyň işi «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin maliýe arhitekturasy, maliýe syýasaty hem-de hyzmatdaşlyk» atly mejlis bilen dowam etdi. Mejlisde DÇBÖBD-niň maliýe durnuklylygy hem-de ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýurtlarda has adalatly we durnukly maliýe gurşawyny kemala getirmekde raýat jemgyýetiniň eýeleýän möhüm ornuna aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, raýat jemgyýetiniň guramalary durnukly maliýe ýörelgelerini ilerletmäge işjeň ýardam bermek bilen, maliýe durnuksyzlygynyň öňüni almak boýunça teklipleri hem işläp taýýarlaýarlar. Bu guramalaryň ýerlerde geçirýän seljerme işleri we tejribesi ulgamlaýyn meseleleri ýüze çykarmaga hem-de her ýurduň aýratynlygyny nazara alýan netijeli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

Forumyň dowamynda Raýat jemgyýetiniň jarnamasy kabul edildi. Jarnamada raýat jemgyýetiniň wekilleri ähli gyzyklanma bildirýän taraplary DÇBÖBD-niň ösüş maksatlaryny goldamak üçin öňdebaryjy tejribäni we innowasion çemeleşmeleri ulanýan netijeli hyzmatdaşlyga gatnaşmaga, durnukly infrastrukturany gurmak, sanly birikmäni güýçlendirmek hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin maliýe-tehniki goldawy bermäge, Hereketleriň Awaza maksatnamasyna laýyk gelýän maliýe ulgamlaryny, sanly goşulyşmagy we durnukly daşky gurşawy goldaýan syýasaty we başlangyçlary durmuşa geçirmäge çagyrýarlar. Jarnama BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň plenar mejlisinde tanyşdyrylar hem-de onuň hasabatyna goşular.

Foruma gatnaşyjylar döredilen mümkinçilikler hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo