«Aziýa Amazoniýasy» diýlip atlandyrylýan we az öwrenilen sebitde gurnalan surat enjamlaryň kömegi bilen geçirilen giň gerimli barlaglar, ýitip gitmek howpy astyndaky seýrek we gaty gizlin ýaşaýan haýwanlaryň suratlaryny almaga mümkinçilik berdi.
Alymlar 2025-nji ýylyň dowamynda awtomatik kameralaryň kömegi bilen surata düşüriş işlerini alyp bardylar. Bu barlaglar Annamit daglarynyň biologik dürlüligi barada täze maglumatlary ýüze çykardy. Şeýlelikde, Laosyň, Wýetnamyň we Kambojanyň demirgazyk-gündogaryndaky tokaýlyklarda ýaşaýan hem-de ýitip gitmek howpy astynda bolan köp sanly seýrek görnüşler kameralaryň obýektiwine düşdi.
Bu şekiller Günorta-Gündogar Aziýanyň, takmynan, 1100 kilometr aralyga uzaýan iň möhüm tokaýlyklarynyň biriniň ekologik ähmiýetini ýene bir gezek tassyklady.
Kambojanyň ýerli ýaşaýjylary kameralary gurmak üçin amatly ýerleri saýlamaga, enjamlary eltmäge we goralýan zolaklaryň barylmasy kyn bolan ýerlerinden maglumat saklaýjy kartlary alyp gelmäge ýakyndan kömek berdiler.
Fotoduzaklar ýabany tebigatyň baý dürlüligini hasaba aldy: olaryň arasynda piller, gaplaňlar, ýabany pişikler, makakalar we sülgünler bar.
Kameralara düşen guşlaryň arasynda iki şahly kalaonyň bolmagy aýratyn bellenilmäge degişlidir. Bu guşuň şol sebitde duş gelmegi tokaý ekoulgamynyň sagdynlygynyň esasy nyşany hasaplanýar.
«Fauna & Flora» guramasy 1990-njy ýyllardan bäri Annamit daglarynda işläp, sebitiň tokaýlaryny gorap saklamaga ýardam berip gelýär.