Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerine Germaniýanyň 50-den gowrak edara-kärhanasy gatnaşar

MilliInfo

18 Oktýabr, 2025

Ýurdumyz Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerine ýokary derejede taýýarlyk görýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 17-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew hasabat berdi.

Forumda ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda maýa goýum taslamalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary, dokma senagatyndaky innowasiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy, işewürlik hyzmatdaşlygyna degişli resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan edara-guramalarynyň, kompaniýalarynyň 50-den gowragy hasaba alyndy.

Wise-premýer Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bank edaralarynyň, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info