Geçen agşam — 30-njy iýundan 1-nji iýula geçilýän gije 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň birnäçe duşuşygy geçirildi. «Milli-info.com» saýty okyjylaryna pleý-off oýunlarynyň netijelerini hödürleýär.
Kot-d'Iwuar — Norwegiýa — 1:2;
Fransiýa — Şwesiýa — 3:0;
Meksika — Ekwador — 2:0.
Şeýlelikde, Fransiýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda özüniň netijeliligi bilen haýran galdyrmagyny dowam etdirýär — olar her duşuşykda azyndan üç gol geçirmegi başarýarlar. 1/16 finalda fransuzlaryň şwedleri derbi-dagyn etmegi hem janköýerleriň uly gyzyklanmasyna eýe bolan waka öwrüldi. Pleý-off tapgyrynyň indiki tapgyrynda Didýe Deşamyň şägirtleri Paragwaýyň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Oýun 5-nji iýulda geçer.
Bu oýunda dubl etmegiň hötdesinden gelen Kilian Mbappe (45-nji we 74-nji minutlar) iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda Lionel Messi bilen deňleşdi.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär.
Şu gije hem janköýerlere täsirli duşuşyklaryň üçüsi garaşýar:
1-nji iýul, 21:00. Angliýa — Kongo DR;
2-nji iýul, 01:00. Belgiýa — Senegal;
2-nji iýul, 05:00. ABŞ — Bosniýa we Gersegowina;
Ýaryşyň häzirki çempiony Argentinanyň milli ýygyndysydyr. Olar 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň finalynda Fransiýanyň ýygyndysyny ýeňipdiler. Şol oýnuň esasy wagty 3:3 hasabynda tamamlandy, emma 11 metrlik urgularda Argentinanyň ýygyndysy (4:2) öňe saýlandy.
