Fransiýa bilen Marokko Dünýä çempionaty — 2026-nyň 1/4 finalynda duşuşarlar

MilliInfo

5 Iyul, 2026

Fransiýa bilen Marokko Dünýä çempionaty — 2026-nyň 1/4 finalynda duşuşarlar

Fransiýanyň we Marokkonyň milli ýygyndylary dünýä çempionatynyň çärjek finalynyň ilkinji jübütini emele getirdiler.

Marokko — Kanada - 3:0

Duşuşyk Hýustonda (ABŞ) geçirildi. Azzedin Unai dubl etmegi başardy (50-nji we 82-nji minutlar), şeýle hem Sufýan Rahimi (90+8) tapawutlandy.

Fransiýa — Paragwaý - 1:0

Filadelfiýada (ABŞ) geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde ýeke-täk goly Kilian Mbappe (70-nji minutda penaltiden) öz hasabyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, Fransiýanyň we Marokkonyň milli ýygyndylary ýaryşyň çärjek finalynda gabatlaşarlar. Duşuşyk 10-njy iyulda Bostonda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da başlanar. Toparlar 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň ýarym finalynda hem duşuşypdylar, şonda fransuzlar 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, finala çykdylar we Argentinanyň ýygyndysyndan ýeňlişe sezewar boldular.

Dünýä çempionaty — 2026-nyň 1/8 finalynyň şu agşam — 6-njy iýula geçilýän gije boljak oýunlarynyň tertibi (Aşgabat wagty bilen):

  • 01:00. Braziliýa – Norwegiýa;

  • 05:00. Meksika – Angliýa.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info