Fransiýa ýakyn wagtda çagalaryň üçin sosial ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän täze kanuny kabul etmek bilen, bu babatda Awstraliýanyň tejribesine goşular. Habar berlişi ýaly, fransiýaly parlamentariýler degişli kanun taslamasyny eýýäm kabul etdiler.
Täze düzgünnamada 15 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyna doly gadagançylyk girizmek göz öňünde tutulýar. Maglumat üçin aýtsak, Awstraliýada bu çäklendirme 16 ýaşa çenli bolan ýetginjeklere degişlidir.
Fransiýanyň Milli mejlisi kanun taslamasynyň tekstini 21-e garşy 130 ses bilen tassyklady. Resminama indiki tapgyrda Senata iberiler we şondan soň güýje girer. Ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bu başlangyjy ozal hem goldap çykyş edipdi.
Häkimiýetler bu gadagançylygy täze okuw ýylynyň başyna, ýagny 1-nji sentýabra çenli doly güýje girizmegi maksat edinýärler. Kanun kabul edilensoň, degişli platformalara ýaş talaplaryna laýyk gelmeýän ulanyjy hasaplaryny ýapmak üçin ýylyň ahyryna çenli wagt berler.
Awstraliýada bolşy ýaly, Fransiýanyň hökümeti hem sosial ulgamlaryň ýetginjekleriň ruhy saglygyna ýaramaz täsir edýändigini belleýär. Hünärmenleriň pikiriçe, bu platformalara eýelik edýän kompaniýalaryň ulanýan algoritmleri ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar.
Şol bir wagtda, köplenç sosial ulgamlaryň hataryna goşulýan «YouTube» bilen bagly mesele sorag astynda galýar, sebäbi ol gurluşy boýunça «X» (ozalky Twitter) ýa-da TikTok ýaly platformalardan ep-esli tapawutlanýar. Fransiýanyň täze kanunçylygynda haýsy platformalaryň takyk «sosial ulgam» hökmünde kesgitlenjekdigi bolsa keniz yglan edilmedi.