Fransuz türgeni Orelýen Fontenua adaty bolmadyk usulda Eýfel diňine çykmak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada «МИР 24» habar berýär.
Esasy şert — welosipediň pedallaryndan aýaklaryňy aýyrmagyň gadagan edilmegi bilen bagly. Ol 686 basgançagy ýeňip geçmeli boldy we munuň üçin 12 minut 30 sekunt wagt sarp etdi. Bu görkeziji hakyky haýran galdyryjy netije bolup, 20 ýyldan gowrak mundan ozal goýlan rekorddan 7 minutdan hem gowrak tizdir.
«Meniň eginlerim hem-de aýaklarymyň myşsalary diýseň agyr ýagdaýa sezewar boldy. Muňa garamazdan, men netijeden hoşal. Bu wezipäni şeýle az wagtda ýerine ýetirip biljegim hakynda pikir hem etmändim. Belentlige çykyp, rekord goýmagy başarandygyma begenýärin» — diýip, Orelýen Fontenua belledi.
Eýfel diňine welosiped bilen çykmagyň taryhda däbe öwrülen ýagdaýdygyny bellemek gerek. Bu ugur ilki gezek 1923-nji ýylda, ýagny 100 ýyldan hem gowrak mundan ozal geçilipdir. Şol wagt bu synaga gatnaşýanlar belentlige çykmak bilen taryha girmän, tersine — Parižiň meşhur diňinden aşak düşüpdirler.

