Türkmenistandaky Fransuz instituty ýurduň Küşt federasiýasy bilen bilelikde küşt klubynyň işiniň gaýtadan dikeldilýändigini yglan etdi. Şeýlelikde, intellektual sport görnüşleriniň muşdaklary 2026–2027-nji ýyllaryň täze möwsümine goşulmaga çagyrylýar.
Klubyň ilkinji duşuşygy eýýäm 31-nji oktýabrda geçiriler, şondan soň bolsa duşuşyklar her şenbe güni sagat 18:30-da Türkmenistandaky Fransuz institutynyň binasynda guralar.
Kluba gatnaşmak tölegsizdir (mugtdyr). Şunlukda, fransuz dilini bilmek ýakymly artykmaçlyk bolar, ýöne ol kluba gelmek üçin hökmany talap däldir.
Şeýle hem guramaçylar bu klubyň dürli taýýarlyk derejesindäki oýunçylara niýetlenendigini belleýärler:
Täze başlaýanlar üçin: Tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda oýnuň kadalaryny öwrenmäge, esasy ýörelgelerine düşünmäge hem-de küşt oýnunda ilkinji ynamly ädimleri ätmäge ýakyndan kömek berler.
Tejribeli oýunçylar üçin: Gatnaşyjylar özara dostlukly oýunlary geçirip, tejribe alşyp bilerler, şeýle hem yzygiderli türgenleşiklerde öz ussatlyklaryny kämilleşdirip, täze taktiki usullary öwrenip bilerler.
«Biziň maksadymyz — küşti has köp adam üçin ýakyn we gyzykly etmekdir. Küşt — bu hemmeler üçin niýetlenen oýun. Şonuň üçin hem, biz mümkin boldugyça köp adamda bu oýna höwes döretmek isleýäris» diýip, Fransuz institutynyň wekilleri nygtaýarlar.
Guramaçylar ähli isleg bildirýänleri aň-paýhas sportunyň gyzykly dünýäsine aralaşmaga, täze pikirdeşleri tapmaga we küşt tagtasynyň başynda öz güýçlerini synap görmäge çagyrýarlar.
