Siz saz çalýaňyzmy, aýdym aýdýaňyzmy ýa-da aýdym-saz toparynyň agzasymy? Onda 21-nji iýunda Türkmenistandaky Fransuz institutynda geçiriljek Saz baýramynyň maksatnamasyna goşulyň!
Çünki ajaýyp çäre ähli ýaşdakylaryň islän saz gurallarynda saýlan saz žanry boýunça çykyş etmegine elýeterliligi üpjün edýän özboluşly baýramçylyga öwrüler.
Siziň ýeke öziňiz ýa-da topar bolup çykyş esýändigiňiziň, professional sazandadygyňyzyň ýa-da höwesjeňdigiňiziň parhy ýok. Guramaçylar size saz baýramçylygymyzyň gatnaşyjylarynyň arasynda görmäge saýyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Çäräniň geçiriljek wagty: 21-nji iýun, sagat 18:30-da.
15-nji iýuna çenli elektron poçta arkaly bellige almak dowam edýär:
Hatyňyzda aşakdaky maglumatlary görkezmegiňizi haýyş edýäris:
• adyňyz (ýa-da toparyňyzyň ady);
• ýaşyňyz;
• çykyşyň görnüşi (formaty);
• çykyşyň dowamlylygy (15 minutdan köp bolmaly däl);
• gatnaşyjylaryň sany (toparlar üçin);
• zerur bolan apparatura we özüňizde eýýäm bar bolan enjamlar;
• habarlaşmak üçin maglumatlaryňyz (telefon belgiňiz we/ýa-da elektron poçta salgyňyz).
Siziň sargytlaryňyza we sahnadaky duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!