5-nji sentýabrda, şenbe güni sagat 15:00-dan 19:30-a çenli Aşgabatdaky Fransuz instituty «Açyk gapylar gününi» geçirer.
Myhmanlar institutynyň işgärler topary bilen tanyşmaga, fransuz dili kurslary, halkara DELF/DALF synaglary we mediateka barada maglumat almaga, şeýle hem baý medeni maksatnama gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.
Agşamyň aýratyn wakasy bolsa fransuz suratçysy Pol Nadaryň 1890-njy ýylda Türkmenistana amala aşyran ekspedisiýasy wagtynda düşüren täsin suratlaryndan ybarat bolan «Türkmen topraklaryna syýahat» atly fotoserginiň açylyşy bolar.
Çäräniň maksatnamasyna şular girýär:
Dil kurslarynyň, diliň eýeleri (asyl dilde gürleýänler) bilen guralýan gürleşmek klublarynyň we mediatekanyň mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy;
DELF/DALF diplomlarynyň dabaraly gowşurylyşy;
Çagalar, ýetginjekler we uly ýaşlylar üçin görkezme sapaklary;
«PlayStation» oýunlarynyň, kinoklublaryň we küşt boýunça ussatlyk sapaklarynyň üsti bilen dili interaktiw öwrenmek;
Institutyň talyplary tarapyndan taýýarlanylan «Iksiz tebip» («Лекарь поневоле») atly teatr oýny, fortepýano sazy we fransuzça karaoke.
Guramaçylar myhmanlary dostlary we ýakynlary bilen gelmäge çagyrýarlar, sebäbi täze dilleri öwrenmek we medeniýete aralaşmak — bu ruhlandyryjy tejribedir.
Giriş mugt.
