«Arkadag» — «Al-Nassr»: Sabyrsyzlyk bilen garaşylan duşuşyk tamamlandy

MilliInfo

6 sagat öň

Sähel salym mundan öň Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol toparynyň hem-de Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» klubynyň AFK Çempionlar ligasy 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň çägindäki duşuşygy tamamlandy. Stadinyň bezegine öwrülen türkmen bedewiniň ägirt uly şekiliniň üstünde ýerleşdirilen çanakda ýakylan alaw hemmelere ajaýyp oýnuň başlanandygyny buşlady.  

Dartgynly pursatlar bilen başlanan oýun janköýerleriň uly şowhunyna beslendi. Bu bolsa ajaýyp oýny has-da gyzyklandyrdy.

19-njy minutda türkmen toparynyň derweçesi bilen ýekme-ýek galan Ali-al-Hamdan hasaby açdy. «Al-Nassryň» öňe çykmagy hüjümleriň has-da artmagyna getirdi. Şunda ildeşlerimiziň howply pursatlary döretmegi başarandyklaryna garamazdan, birinji ýarymda hasap üýtgemedi.

Ikinji ýarymda «Arkadag» toparynyň has-da täsirli hüjümleri bellige alyndy. Taraplaryň ikisi hem birnäçe gezek garşylyklaýyn hüjüme geçdi.

Arkadag şäheriniň topary duşuşygyň iň soňky pursatlaryna çenli owadan oýny, mynasyp çykyşy we howply pursatlary bilen futbol janköýerleriniň üns merkezinde boldy. Ajaýyp oýun türkmen futbolçylary üçin uly tejribe boldy.     

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info