Dünýä çempionaty – 2026: Holand Braziliýanyň ýygyndysyny ahmyrda goýdy

MilliInfo

13 sagat öň

Dünýä çempionaty – 2026: Holand Braziliýanyň ýygyndysyny ahmyrda goýdy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/8 finalynyň çäginde geçen Braziliýa bilen Norwegiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda garaşylmadyk netije bellige alyndy. Oýun ABŞ-nyň Ist-Raterford şäherindäki «Metlaýf» stadionynda geçirildi. Şeýlelikde, skandinaw topary meşhur Braziliýany 2:1 hasabynda ýeňdi.

Braziliýalylaryň ýarym goragçysy Bruno Gimarains 14-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny elden giderdi. Ikinji ýarymyň 67-nji minutynda Neýmaryň meýdana girmegi braziliýaly futbol muşdaklarynda ýeňiş umytlaryny döretdi. Muňa garamazdan, netije düýbünden başgaça boldy. Norwegiýanyň hüjümçisi Erling Holand 79-njy minutda hasaby açan bolsa, 90-njy minutda ikinji goluny geçirmegiň hötdesinden geldi. Duşuşygyň ahyrynda, 90+10-njy minutda Neýmaryň penaltini takyk ýerine ýetirmegi bilen bir jogap goly bellige alyndy.

***

Mehiko şäherindäki «Asteka» stadionynda bolsa Meksikanyň we Angliýanyň milli ýygyndylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu oýunda iňlisler 3:2 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminden ýarym goragçy Jud Bellingem dubl etmegi başardy. Şeýle-de hüjümçi Garri Keýn 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi.

Meksikanyň ýygyndysynyň düzüminde bolsa hüjümçiler Hulian Kinýones we penaltiden netijeli peýdalanan Raul Himenes tapawutlandy.

Şeýlelikde, bu iki duşuşygyň ýeňijileri (Norwegiýa — Angliýa) çempionatyň çärýek finalynda duşuşarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info